Tesla-nyň 2024-nji ýylyň birinji çärýegindäki netijeleri çap edilenden soň, kompaniýanyň ýolbaşçysy Ilon Mask Optimus gumanoid roboty bilen bagly täzelik barada habar berdi. Robotyň prototipleri Tesla-nyň laboratoriýasynda eýýäm dürli işleri ýerine ýetirýär we ýylyň ahyryna çenli bolsa olar kompaniýanyň zawodlarynda hakyky önümçilige gatnaşarlar diýip, Electrek -e salgylanýan iXBT habar berýär. Şeýle hem Mask Teslanyň Optimus-y 2025-nji ýyla çenli üçünji tarap müşderilere satyp başlamak baradaky ägirt uly meýilnamalaryny yglan etdi. Robotyň bahasynyň 25 müň dollardan aşakda bolmagyna garaşylýar. Ýeri gelende aýtsak, Optimus Tesla tarapyndan işlenip düzülen umumy maksatly gumanoid robotdyr. Ol howply, içgysgynç we gaýtalanýan wezipeleri öz içine almak bilen, dürli meseleleri ýerine ýetirmäge ukyply. Kompaniýanyň baş direktory şeýle robotlaryň köpçülikleýin önüme öwrüljekdigine we onuň söwdasynyň soňlugy bilen Teslanyň iň uly girdeji çeşmesine öwrüljekdigine ynanýar. Mask gumanoid robotlaryň bazarynyň 10 ýa-da 20 milliard birlige ýetmegine garaşýar, bu bolsa olaryň sanynyň dünýäniň ilat sanyndan ep-esli köp bolup biljekdigini aňladýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir