Türkiýeli we beýik britaniýaly dizaýnerler InSight düşünjesini – şowa körlere giňişlikde ugruny kesgitlemäge kömek etjek ýanyňda göterilýän akylly enjamy hödürlediler. “Mail.ru” -nyň habaryna görä, Samsung üçin ýörite işlenip düzülen bu enjam ulanyjynyň eşigine dakylýan kiçijik plastik gysdyrgyç görnüşindedir. Gurlan kamera daş-töweregi surata alýar we AI ulanyp, obýektleri kesgitleýär. Soňra InSight gören zatlarynyň hemmesini sesli aýdýar. Mysal üçin, ulanyjy ýolyşyksyz pyýada geçelgesinde duran bolsa, gajet oňa awtoulagyň ýok wagtyny aýdyp, ýoldan geçibermelidigini habar berer. Gitmeli ugruňy sesli aýtsaň, InSight nawigator bolup hyzmat eder. Onuň sesi gurlan dinamikler ýa-da Bluetooth boýunça gulaklyklar arkaly çykýar. InSight-yň dizaýny Samsung-yň önümleri bilen juda sazlaşýar. Taslamanyň awtorlary gaýtadan işlenen materiallardan InSight ýasamak mümkinçiligine baha bermek üçin Samsung-yň önümleriniň ähli aýratynlyklaryny öwrenendiklerini aýtdy. Şeýlelikde, gajeti kompaniýanyň köne gulaklyklaryny gaýtadan işlemek arkaly alnan plastmassadan ýasap bolýar. Taslamanyň geljekki ykbaly belli däl. Megerem, topar öz pikirini göni Samsung-a iberer, emma Günorta Koreýanyň ägirtleriniň şeýle önümi çykarmak kararyna geljegi gümana. Häzir korporasiýa başga bir gajetiň, ýagny Galaxy Ring akylly ýüzüginiň üstünde işleýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir