Amerikaly repçi Eminem (hakyky ady Marşal Brýus Meters) The Death of Slim Shady (Coup De Grâce) atly täze studiýa albomynyň çykýandygyny bildiriş etdi diýip, Variety ýazýar. Bu hip-hop aýdymçysynyň diskografiýasyndaky 12-nji albom bolar. Onuň 2024-nji ýylyň tomsunda çykmagyna garaşylýar. Albomyň çykmagynyň öňüsyrasynda Eminem jenaýat derňewi barada telewizion gepleşik görnüşinde surata düşürilen treýleri hödürledi. Onda garaňky alter ego repçiniň - Slim Şadynyň "ölümi" hakda gürrüň berilýär. Wideonyň gahrymany: "Çylşyrymly we köplenç tankyt edilýän rifmalary sebäpli Slim Şeýdiniň duşmany ýeterlikdi" - diýýär. Şeýle-de, treýlerde repçi 50 Cent (Kertis Jekson) hem peýda bolýar. Täze The Death of Slim Shady albomy Eminemiň 2020-nji ýyldaky Music to Be Murdered By-ny çykaranyndan bäri, dört ýyldan soňky ilkinji çykyşydyr. Şol albomy täjirçilik taýdan üstünlikli bolup, 55 ýurtda aýdym-saz sanawynda birinji orunda durýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir