Türkmen tennisçileri Täjigistanyň paýtagtynda geçirilen ýaşy 14-e çenli ýetginjekleriň arasynda Duşenbäniň açyk çempionatynda — «Open Dushenbe Championship U14» ýaryşyň üç görnüşinde kümüş medal gazandylar. Ýaryşa Merkezi Aziýa döwletleriniň bäşisinden, şeýle hem Belarusdan, Russiýadan we Kanadadan oglan-gyzlaryň 88-si gatnaşdy. Soňky üç ýurda bir tennisçi wekilçilik etdi. Ikinji belgide saýlanan 13 ýaşly Emirhan Rustamow toparyna iki kümüş medal getirdi. Aşgabat şäherindäki 12-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy ilki ýekelikde, soňra Aşgabat şäherindäki 86-njy orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy 12 ýaşly Süleýman Hudaýberdiýew bilen bilelikde çykyş edip şeýle üstünlik gazandy. Aşgabat şäherindäki 87-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy 11 ýaşly Näzli Hudaýgulyýewa Gazagystandan Kseniýa Semýonowa bilen bilelikde çykyş edip, Türkmenistanyň toparyna ýene bir kümüş medal getirdi. Näzli Hudaýgulyýewa Mälik Mämmetgulyýewden, Süleýman Hudaýberdiýew Aşgabadyň 11-nji toplumlaýyn sport mekdebinde Gurbanberdi Gurbanberdiýewden, Emirhan Rustamow bolsa «Aşgabat» tennis akademiýasynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Mirali Gasanowdan tälim alýarlar diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir