Belgiýada elektrik energiýasyny öndürmek üçin dünýäde ilkinji emeli ada gurulýar. Prinsessa Ýelizaweta adasynda alnyp barylýan gurluşyk işlerinden wideoşekilleri Elia kompaniýasy neşir etdi diýip, Naked Science habar berýär. Bu ada deňizde gurlan şu görnüşdäki ilkinji innowasion elektrik tory bolar. Ol kabelleriň üsti bilen ýel turbinalaryndan elektrik energiýasyny alar, soňra ony ýokary woltly elektrik energiýasyna özgerdip, Belgiýanyň we beýleki Ýewropa ýurtlarynyň çägi boýunça paýlar. Taslama 2024-nji ýylyň mart aýynda durmuşa geçirilip başlandy. Ony 2026-njy ýylyň awgustynda tamamlamak meýilleşdirilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir