Space.com portalynyň habaryna görä, Hytaýyň 2024-nji ýylyň mart aýynda uçurylan Tiandu-1 we -2 hemralary Aýyň arka ýüzüniň şekillerini üstünlikli ugradyp, aragatnaşyk we nawigasiýa tehnologiýalarynyň ilkinji synaglaryny geçirdiler. Tosteriň ölçegindäki bu iki hemra geljekki Aý infrastrukturasyna, şol sanda Halkara Aý gözleg stansiýasyna (ILRS) ýol açýar. Apparatlar Aýyň daşyndan aýlanýar we dürli aragatnaşyk we nawigasiýa enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Synag wagtynda emeli hemralar Ýer bilen Aýyň arasynda maglumatlary üstünlikli geçirdiler we ýokary ygtybarly maglumat geçiriş hem-de marşrut mümkinçiliklerini görkezdiler. Emeli hemralardan biri, hatda kraterlerden ýaňa egrem-bugram bolan Aý landşaftynyň infragyzyl şekilini hem iberdi. Şeýle hem bu kadrda uzakdan Ýeriň şekili görünýär. Hytaýyň Kosmos senagatyny dolandyryş gullugy (DSEL) Aý aragatnaşygyny we nawigasiýa tehnologiýalaryny gowulandyrmak üçin mundan beýläk hem synaglary dowam etmegi meýilleşdirýär. Bu maglumatlar ILRS-i taslamalaşdyrmak üçin möhüm ähmiýete eýe bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir