Tokio uniwersitetiniň hünärmenleri bakteriýalaryň içki gurluşlaryny görlüp-eşidilmedik aýdyňlyk bilen görmäge mümkinçilik berýän mikroskop döretdiler. Nature Photonics žurnalynda çap edilen makalada aýdylmagyna görä, täze enjamyň durulygy bar bolan mikroskoplardan 30 esse ýokarydyr. Mikroskop orta infragyzyl diapazonda işleýär, adatça, bu şekiliň aýdyňlygyny üpjün etmeýär. Şeýle-de bolsa, alymlar bu meseläni dürli burçlardan alnan şekilleri birleşdirmäge mümkinçilik berýän sintetiki apertura usuly bilen çözdüler. Gözlegçiler munuň netijesinde 120 nm giňişlik durulygyny almagyň hötdesinden geldiler, bu 0,12 mikrona barabardyr. Bu häzirki zamanyň iň gowy mikroskoplaryndan 30 esse köpdür. Bakteriýalaryň şekilleri görünýän ýagtylygy şöhlelendirýän we infragyzyl şöhläni geçirýän kremniý plastina ýerleşdirildi. Alymlaryň sözlerine görä, şeýle yşyklandyryş suratyň ýokary derejede dury görünmegini üpjün edýär. “Bakteriýalaryň öýjükli gurluşlaryny şeýle bir takyk görüp bildik welin, biz muňa haýran galdyk. Mikroskopymyzyň ýokary giňişlik çözgüdi, meselem, global mesele bolan mikroblara garşy dermanlara durnuklylygy öwrenmäge mümkinçilik döredip biler "- diýip, döredijiler toparynyň ýolbaşçysy professor Takuro Ideguti belledi. Alymlar bu ýetilen sepgit bilen kanagatlanmak islemeýärler, olar tehnologiýalaryny hasam kämilleşdirmegi meýilleşdirýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir