Köp ýurtlarda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebitiniň teklibi boýunça her ýyl immunizasiýa hepdeligi geçirilýär. Onuň esasy maksady ene-atalaryň, hossarlaryň, saglygy goraýyş işgärleriniň, ýolbaşçylaryň arasynda immunizasiýanyň ähmiýeti barada wagyz-nesihat işleri arkaly öňüni alyş sanjymlarynyň gurşawyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Şu ýyl Türkmenistanda immunizassiýa hepdeligi 21-27-nji aprel aralygynda meýilleşdirildi diýip, "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär. Hepdeligiň dowamynda ähli saglyk öýlerinde öňüni alyş sanjymlarynyň ähmiýeti we zerurlygy barada maslahat bermek üçin telefon arkaly «Gyzgyn aragatnaşyklar» ýola goýulýar. Maslahat beriş otaglary açylyp, sanjymlaryň ähmiýeti ilata düşündirilýär. Sanjymlardan ýüz dönderýän ene-atalar bilen aýratyn wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Şeýle-de degişli çäkde hasapda durmaýan we meýilnama boýunça sanjym almaýan çagalary ýüze çykarmak maksady bilen, ýazuw geçirilýär. Dürli sebäplere görä sanjym almadyklar ýüze çykarylan ýagdaýynda, olara degişli tertipde sanjym geçirilýär. Maşgala lukmanlarynyň, inçe ugurly saglygy goraýyş hünärmenleriniň arasynda immunizasiýa bilen bagly soraglar boýunça amaly-okuw maslahatlary guralýar. Hamyla zenanlar bilen sanjymlaryň ähmiýeti barada gürrüňdeşlik geçirilýär. Ýerlerdäki keseli bejeriş-öňüni alyş edaralarynda saglygy goraýyş hünärmenleriniň arasynda immunizasiýa sowallaryna degişli bäsleşikler guralýar. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde, lukmançylyk orta okuw mekdeplerinde talyplaryň we mugallymlaryň arasynda ýokanç keselleriň öňüni alyş çäreleri, immunizasiýa barada okuw maslahatlaryny, mekdeplerde «Saglyk» açyk sapaklaryny guramak meýilleşdirildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir