Alymlar düýe süýdüniň dünýäde iň meşhur içgileriň birine öwrüljekdigini çaklaýarlar. Bu barada PLOS One žurnalynda geçirilen gözleglere salgylanýan ScienceFocus.com ýazýar. Düýeleriň Afrika ýurtlarynda öndürilýän süýdüň, takmynan, 8%-ini üpjün edýändigi bellendi. Hünärmenler 2030-njy ýyla çenli dünýäde düýe süýdüniň söwdasynyň 13 milliard dollardan geçip biljekdigini we 2022-nji ýyldakydan 10 esse köp boljakdygyny çaklaýarlar. Saud Arabystany, BAE, Gazagystan we Mongoliýa ýaly ýurtlarda düýe süýdi bireýýämden bäri köpçüligiň adaty islegli önümidir. Oksford uniwersitetinden doktor Ariel Ahern 2050-nji ýyla çenli iri düýe fermalarynyň peýda bolup başlan ýeri bolan Angliýada meşhur bolup biljekdigine ynanýar. Bu önüme bolan isleg süýt öndürmek we gaýtadan işlemek tehnologiýasynyň ösmegine hem itergi berýär. Howanyň üýtgemegi nukdaýnazaryndan seredeňde, düýe süýdüniň birnäçe artykmaçlygy bar: Sygyrlardan tapawutlylykda, düýeler ýowuz howa şertlerine, ylaýta-da aşa yssa we gurakçylyga çydamly bolýarlar. Düýeler iými we suwy, sygyrlara garanyňda, süýt we et görnüşine has netijeli öwürýär. Sygyrlar has köp metan öndürýär, bu daşky gurşawa ýaramaz täsir edýär. Düýe süýdüniň peýdaly häsiýetleri: Sygyr süýdüne garanda, düýe süýdünde has köp C witamini we demir bar. Laktoza çydamsyz adamlar üçin amatly. Ganda süýjiniň derejesini peseldip, süýji kesellileriň insuline duýgurlygyny ýokarlandyryp, immunitetini güýçlendirip biler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir