HotCars seljeriş portaly JD Power, RepairPal, CarEdge we Edmunds bilen bilelikde 2000-nji ýyldan 2010-njy ýyla çenli aralykda öndürilen iň ygtybarly wnedorožnikleriň we krossowerleriň sanawyny düzdi. Sanawa JD Power-den mümkin bolan 100 baldan 80 bal ýa-da ondan ýokary bal alan modeller düşdi. Reýtingiň lideri 2010-njy ýylyň Lexus RX 350 ulagy boldy. 275 at güýjüni öndürýän 3,5 litrlik V6 bilen bu krossower 93 ygtybarlylyk balyny aldy. Ýyllyk tehniki hyzmatynyň bahasy 407 dollardan 498 dollar aralygynda. Ikinji orunda 90 bal alan 2008-nji ýylyň Honda CR-V-si durýar. Bu krossoweriň 2,4 litrlik hereketlendirijisi 166 at güýji öndürýär we ýyllyk tehniki hyzmat üçin çykdajysy 407 dollar. Ilkinji üçlügi ýene bir Lexus - 2007 GX jemleýär. Bu 4,7 litrlik V8 263 at güýjini öndürýän wnedorožnik 89 ygtybarlylyk derejesini aldy. GX 2007-niň eýeleri tehniki hyzmat üçin ýylda 551 dollar sarp edýärler. Doly sanaw aşakdakylardan ybarat: 2010-njy ýylyň Lexus RX 350-i; 2008-nji ýylyň Honda CR-V-i; 2007-nji ýylyň Lexus GX-i; 2007-nji ýylyň Toyota Highlander-i; 2007-nji ýylyň Infiniti FX35-i; 2008-nji ýylyň Ford Edge-i; 2008-nji ýylyň Toyota 4Runner-i; 2008-nji ýylyň Toyota FJ Cruiser-i; 2007-nji ýylyň Linkoln MKX-i; 2006-njy ýylyň GMC Envoy-i; 2008-nji ýylyň Honda Pilot-y; 2009-njy ýylyň Nissan Armada-sy; 2010-njy ýylyň Chevrolet Tahoe-i; 2006-njy ýylyň Toyota Sequoia-sy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir