Şu gün, 25-nji aprelde 18-nji Pekin halkara awtosalony - Auto China 2024 öz işine başlady. Ol 4-nji maýa çenli iki sergi merkezinde dowam eder, bu ýerlerde täze awtoulaglar we awtoulag şaýlary görkeziler. Sergi meýdançalarynyň umumy meýdany 220 müň inedördül metre barabar diýip, ixbt.com habar berýär. Myhmanlara tanyşmak üçin Hytaýdan, Ýaponiýadan, ABŞ-dan, Germaniýadan we beýleki ýurtlardan awtomobil kompaniýalarynyň 100-den gowrak düýbünden täze modeli elýeterli bolar. Has takygy, sergide 117 sany täze awtoulag modeliniň görkezilmegine garaşylýar. Olardan 30 sanysy iri halkara kompaniýalar tarapyndan hödürlener. Mundan başga-da, sergide 41 sany konsept-kar modeli görkeziler. Pekin awtosalonynyň ep-esli bölegini elektromobiller eýelär. Jemi 278 sany elektrik modeli, şol sanda Xiaomi SU7 ýaly eýýäm çykarylan täze modeller bolar. Gatnaşyjy kompaniýalaryň sanawynda BMW, Ford, General Motors, Honda, Mercedes-Benz, Tesla, Toyota, Porsche, Lamborghini, Bentley, Rolls-Royce, Lotus, Changan, Cherry, Geely, Haval we beýlekiler bar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir