2023-nji ýylyň 14-nji noýabrynda NASA-nyň “Woýajer 1” kosmiki gämisi okalýan ylmy we inženerçilik maglumatlaryny Ýere ibermegini bes edipdi. Bäş aýdan soň NASA-nyň inženerleri ahyrsoňy enjam bilen aragatnaşygy dikeltmegi we ondan ýagdaýy barada ilkinji maglumatlary almagy başardylar diýip, Phys.org-a salgylanýan IXBT habar berýär. Mesele “Woýajer 1” -iň bortdaky üç kompýuteriniň biri, ýagny, Ýere ibermezden ozal maglumat gaplamakda jogapkär bolan uçuş maglumatlarynyň kiçi ulgamy (FDS) bilen baglanyşykly eken. Nädogry çipde saklanan FDS kodunyň bir bölegine zyýan ýetip, maglumatlary ulanyp bolmaýan derejä ýetiripdir. NASA-nyň çipi bejermäge mümkinçilik tapmadyk inženerleri kody FDS-iň ýadynda başga ýere geçirmek meýilnamasyny düzdüler. 18-nji aprelde bu amal kosmos gämisiniň ýagdaýy baradaky ilkinji maglumatlar toplumyny - inženerçilik maglumatlaryny almak bilen üstünlikli tamamlandy. Ýerden 24 milliard km uzaklykda ýerleşýän “Woýajer 1”-e radiosignalyň ýetmegi üçin 22,5 sagat, signalyň Ýere gaýdyp gelmegi üçin ýene 22,5 sagat wagt gerek. 20-nji aprelde hünärmenler “Woýajer 1”-den jogap aldylar. Modifikasiýa işläp başlady: bäş aýyň içinde ilkinji gezek kosmos gämisiniň abatlygyny we ýagdaýyny barlamak mümkin boldy. Indi ýakyn hepdelerde NASA-nyň inženerleri ylmy maglumatlary geçirmek üçin jogapkär FDS-niň programma üpjünçiliginiň galan böleklerini göçürmegi we düzmegi meýilleşdirýärler. “Woýajer 1” 1977-nji ýylda uçurylypdy we ýyldyzara kosmosa giňişligine çykan ilkinji kosmiki gämi boldy. Enjam sagatda 62 100 kilometre çenli tizlikde Ýerden uzaklaşmak bilen, öz wezipesini dowam etdirýär. Şol ýyl işe girizilen “Woýajer 2” kadaly işlemegini dowam etdirýär.