Sony kompaniýasy özüniň göçme Reon Pocket kondisioneriniň bäşinji neslini hödürledi. Egniňe geýilýän enjam eýesine yssy howada salkynlamaga ýa-da sowuk howada gyzynmaga mümkinçilik berýär diýip, Mail.ru ýazýar. Täze Reon Pocket 5 öňkülerinden has ykjam we ýeňil çykaryldy: agramy bary-ýogy 116 gr (deňeşdirmek üçin, iPhone 15-iň agramy 203 gr). Enjam temperaturany, çyglylygy we hereketi ölçeýän bäş datçik bilen enjamlaşdyrylandyr. Şeýle hem onda daşky gurşawyň temperaturasyny we çyglylygyny kesgitleýän Reon Pocket Tag funksiýasy bar. Munuň netijesinde Reon Pocket 5 şertlere uýgunlaşyp, işini awtomatiki sazlap biler. Enjamyň 9 iş tertibi bar: sowatmak üçin 5 we ýyladyş üçin 4. Iň ýokary sowadyş derejesinde Reon Pocket 5 takmynan 4 sagat, iň pesinde bolsa 17 sagada çenli işlär. Type-C birleşdirijisi arkaly enjamy doly zarýadlamak 2 sagat 50 minut wagt alýar. Reon Pocket 5-i iOS we Android-de smartfonlar üçin programma ulanyp, dolandyryp bolýar. Enjam telefona Bluetooth 5.0 arkaly birikdirilýär. Sony Reon Pocket 5-i eýýäm 170 dollar bahadan öňünden sargyt edip bolýar. Göçme kondisionerler 15-nji maýda müşderilere iberilip başlar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir