2024-nji ýylyň Pekin awtosalonynyň öňüsyrasynda Avatr Technology kompaniýasy 2024-nji model ýylynyň täzelenen, ýolsuz ýerden ýöremäge ukyply Avatr 11 awtoulagyny hödürledi. Kompaniýanyň prezidenti Çen Çžo hem brendiň elektromobil hatarynyň üstüni ýetirjek Avatr 12 hetçbegini anons etdi diýip, ixbt.com ýazýar. Avatr 11 eýýäm hakyky şertlerde synagdan geçirilen Huawei-niň NOA awtodolandyryş ulgamy bilen üpjün edildi: awtoulag eýeleri onda 50 million kilometrden gowrak ýol geçdiler. Şeýle-de, awtomobil täzelenen audiosistema eýe boldy. Huawei-niň inženerleri bu ulgamyň üstünde bir ýyl zähmet çekdiler. Ýolsuz ýerden ýöremäge ukyply awtoulag howpsuzlygy we rahat sürüşi üpjün etmek üçin 34 datçik we üç lidar bilen enjamlaşdyryldy. Salonda nappa-deri bilen zamşanyň utgaşmasy ulanylýar, 15,6 dýuýmlyk merkezi ekran bolsa ekranyň bölünmek funksiýasyny we ses buýrugyny goldaýar. Avatr 11 230 – 425 kWt kuwwatly bir ýa-da iki hereketlendiriji bilen elýeterlidir, olar 3,9 – 6,6 sekuntda tizligi 100 km/s çenli artdyrmaga mümkinçilik berýärler. Avatr 12 hetçbegi barada jikme-jik maglumat ýok we ol gijräk hödürlener. Avatr brendi 2018-nji ýylda esasy tehnologiýa üpjün edijisi hökmünde Huawei-niň gatnaşmagynda esaslandyryldy. Häzirki wagtda Avatr hataryna Avatr 11 krossoweri we Avatr 12 hetçbegi girýär.