Amerikan kinoakademiýasy “Oskar” baýragyna üýtgeşmeleriň girizilendigini habar berdi. 97-nji baýrak gowşurylyş dabarasy 2025-nji ýylyň 2-nji martynda geçiriler. Şeýlelikde, indi “Iň gowy original saundtrek” kategoriýasynda baýragy aýdym-sazy döretmäge gatnaşan birbada üç kompozitor alyp biler. Öň, awtorlar toparyna diňe bir heýkel berilýärdi, mysal üçin, “Ruh” («Душа») multfilmi üçin Trent Reznor, Attikus Ross we Jon Batist diňe bir heýkel aldylar. Mundan başga-da, gysga sanawdaky saundtrekleriň sany 15-den 20-ä çenli artdyryldy. Üýtgeşmeler beýleki kategoriýalara hem täsir etdi: halkara kategoriýadaky multfilmler indi animasion “Oskara” dalaşgär görkezilip bilner, ssenariýa hödürlenende bolsa ahyrky görnüş tabşyrylmalydyr. “Oskar – 2025-e” dalaşgärler indiki ýylyň 17-nji ýanwarynda yglan ediler. Soňky dabarada iň köp baýrak alan “Oppengeýmer” filmi bolupdy. Ol ýedi heýkele mynasyp boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir