Apple kompaniýasy täze önümleriniň tanyşdyrylyş dabarasyny yglan etdi. Bu çäre 7-nji maýa meýilleşdirildi diýlip, kompaniýanyň saýtynda habar berilýär. Oňa apple.com portalynda ýa-da Apple TV programmasynda tomaşa etmek bolar. Ýakynda geçiriljek wakanyň tizerinde Apple Pencil stilusy şekillendirilen. Şeýle-de bolsa, çärede haýsy gajetleriň hödürlenjekdigi we olaryň bahasy barada jikme-jik maglumatlar anonsda görkezilmeýär. Öň, Bloomberg neşiriniň uly habarçysy Mark Gurman maý aýynyň ikinji hepdesinde Apple-iň täze iPad Pro, iPad Air, Magic Keyboard we Apple Pencil bilen tanyşdyrjakdygyny aýtdy. Žurnalist okyjylar bilen Apple önümleri barada takyk insaýder maglumatlaryny paýlaşýandygy bilen bellidir.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir