Soňky 50 ýylda immunizasiýanyň netijesinde 154 mln töweregi adam jany halas edildi, bu hem dünýäde çaga ölüminiň 40% azalmagyna getirdi. Şeýle maglumatlar Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) täze gözleginde berilýär diýip, TASS habar berýär. “Halas edilen adam ömürleriniň aglaba köplügi – 101 mln – çagalaryň paýyna düşýär” diýip, gurama belleýär. Gyzamyga garşy sanjym çaga ölüminiň azalmagyna uly täsir etdi, onuň paýyna immunizasiýanyň netijesinde halas edilen ömürleriň 60%-i düşýär. Şeýle-de, gözleg täjihoraz, gepatit B, gyzamyk, gökbogma we poliomielit ýaly 14 kesele garşy sanjymyň “çaga ölüminiň dünýäde 40% we Afrika sebitinde 50%-den gowrak azalmagyna gönüden-göni” ýardam edendigini görkezdi. Häzirki günde poliomielite garşy sanjymyň netijesinde 20 milliondan gowrak adam “ýöräp bilýär we dünýä poliomieliti düýbünden ýok etmegiň bosagasynda dur”. Ýogsam, şonça adam ysmaz bolup bilerdi. Bu üstünlikler COVID-19 pandemiýasy döwründe bir ýa-da birnäçe sanjymy sypdyran 67 mln çagany sanjym bilen üpjün etmek boýunça tagallalaryň möhümdigini görkezýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir