Tesla kompaniýasy şu güne çenli satylan 3 878 Cybertruck elektrik pikaplarynyň hemmesiniň yzyna çagyrylandygyny habar berdi. Yza çagyrmagynyň sebäbi gazyň pedalynyň kemçiligi bilen bagly bolup, awtoulag ýokary tizlige çykanda ony dolandyryp bolmazlygy mümkin diýip, «Коммерсантъ» habar berýär. Yza çagyryşa Cybertruck-yň eýeleriniň biri tarapyndan goýlan wideo sebäp boldy. Ol ýokary tizlik bilen sürüp barýarka, bezeg metal nakladka gazyň pedalyndan gopup, pedal bilen salonyň daşlygynyň arasyna dykylyp galmak bilen, pedaly petikländigini gürrüň berdi. Sürüji pedaly boşatmagy başardy, ýöne bu waka ABŞ-nyň düzgünleşdiriji guramalarynyň derňewe başlamagyna we Tesla tarapyndan yzyna çagyrylmagyna sebäp boldy. Cybertruck-yň ähli eýelerine hyzmat merkezine ýüz tutmak maslahat berilýär, bu ýerde kompaniýa “15-40 minudyň içinde” kemçiligi mugt düzeder. Yza çagyryş Teslanyň paýlaryny 2% arzanlatdy. Cybertruck-yň iberilmeginiň gijä galmagy, şeýle hem elektrik ulaglary bazaryndaky bäsdeşlik sebäpli kompaniýanyň paýnamalary 40%-ni ýitirdi. Muňa jogap edip, Tesla ABŞ-da we Hytaýda Model 3, S, Y-iň we X-iň bahalaryny, takmynan, 2 müň dollar arzanlatdy.