Serbiýaly tennisçi, dünýäniň birinji raketkasy Nowak Jokowiç “Ýylyň türgeni” nominasiýasynda sport “Oskary” hökmünde belli bolan abraýly Laureus baýragyny aldy. Baýragyň gowşurylyş dabarasy duşenbe güni Madridde geçirildi diýip, RBK habar berýär. Ýylyň türgeni baýragyna futbolçylar Lionel Messi (2023-nji ýylda laureat boldy) we Erling Holand, “Formula-1-iň” sürüjisi Maks Werstappen, şestli böküji Arman Dýuplantis we ylgawçy Noa Laýls hem dalaş edipdi. Jokowiç bu baýragy eýýäm bäşinji gezek alýar, öň 2012, 2015, 2016 we 2019-njy ýyllarda aldy. Bu hasap boýunça sport karýerasyny tamamlan şweýsariýaly tennisçi Rojer Federer bilen deňleşdi. Ýylyň zenan türgeni baýragyna dünýä çempionatynda ýeňiji bolan ispaniýaly futbolçy Aýtana Bonmati mynasyp boldy. Beýleki nominasiýalaryň ýeňijileri şulardan ybarat: - “Ýylyň topary” – Ispaniýanyň futbol boýunça milli zenanlar ýygyndysy; - “Ýylyň öňegidişligi” – “Realyň” we Angliýanyň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Jud Bellingem; - “Ýylyň gaýdyp gelmesi” – dört gezek Olimpiýa çempiony amerikaly Simona Baýlz; - “Ýylyň mümkinçiligi çäkli türgeni” – gollandiýaly tennisçi Dide de Groot; - “Sport ýagşylyk üçin” – Rafael Nadal gaznasy; - “Ýylyň ekstremal görnüşlerde türgeni” – 14 ýaşly awstraliýaly skeýtbordçy Arisa Trýu. Laureus baýragy 2000-nji ýyldan bäri gowşurylýar. Laureatlar Cartier-den 30 sm altyndan we kümüşden heýkel alýarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir