Şu gün Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumy öz işine başlady. Prezident Serdar Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylara Gutlag iberdi. Şeýle hem döwlet Baştutany forumy ýokary derejede geçirmäge döredilen mümkinçilikler we amatly şertler üçin Fransiýa Respublikasynyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi. "Dünýäde uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Garaşsyz Türkmenistan öz tebigy baýlyklaryny türkmen halkynyň, şonuň bilen birlikde, beýleki sebitleriň halklarynyň bähbidine gönükdirmäge çalyşýar we netijeli işleri amala aşyrýar. Pariž şäherinde geçirilýän halkara forum hem bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli işleriň mundan beýläk-de ilerledilmegine ýardam eder. Öndürilýän önümleriň hilini, bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, dünýä ülňülerine laýyk gelmegini gazanmak, önümçilige ylmyň iň soňky gazananlaryny, häzirki zamanyň kämil tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, uglewodorod serişdeleri özleşdirilende, ekologik howpsuzlygyň talaplaryny berjaý etmek esasy şertleriň biri bolup durýar" diýip, döwlet Baştutany Gutlagynda belledi. Bu halkara göçme forumyň dowamynda oňa gatnaşýan hünärmenler uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň meseleleri bilen birlikde, gaz geçirijileriň eksport mümkinçiliklerini, gazy gaýtadan işlemegiň we gazhimiýa pudaklaryna maýa goýumlary çekmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar. Nebitgaz senagatynyň, elektroenergetika, gurluşyk, senagat pudaklarynyň täze önümçiliklerini döretmek, ulag-aragatnaşyk toplumyny ösdürmek barada pikir alşarlar, degişli ugurlar boýunça tekliplerini hödürlärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir