Nissan Murano krossoweriniň geljekki nesli düýpli üýtgeşmeler alar diýip, Carscoops habar berýär. Hususan-da, awtoulagyň täze dizaýny aljakdygy we öň tarapyndan Acura MDX-i we yz tarapyndan Porsche-ni ýada salmak bilen, has gazaply boljakdygy bellendi. Awtoulag Infiniti QX60-yň kämilleşdirilen D platformasynda gurlar. Esasy üýtgeşiklik kapotyň astyndadyr: adaty 3,5 litrlik 260 at güýjüni öndürýän V6-nyň ýerine Murano 9 tizlikli awtomat transmissiýaly jübütlenen 4 silindrli hereketlendirijini (ähtimal, 2,0 l) alar. Tekerleriniň doly hereketliligi öňküligine galar, ýöne kämilleşdiriler. Awtoulagyň ilkinji görkezilişine şu ýylyň üçünji çärýeginde garaşylýar.