Disneý kinostudiýasy Disneýlenddäki meşhur Space Mountain attraksionyndan ylham alyp täze filmiň üstünde işläp başlady diýip, Deadline habar berýär. Filmiň edebi esasyny “Içki gala” we “Kowboý Bibop” filmleri bilen tanalýan Joş Appelbaum bilen Andre Nemes ýazar. Filmiň sýužeti häzirlikçe gizlin saklanýar. Space Mountain Disneýlendiň iň meşhur attraksionlaryndan biridir. Ilki ol 1975-nji ýylda Florida ştatynda açyldy, soňra bu attraksionyň nusgalary dünýäniň beýleki seýilgählerinde peýda boldy. Filmiň goýberiljek senesi entek yglan edilmedi. Ozal Disneý öňümizdäki iki ýyl üçin goýberiljek filmleriň senesini mälim etdi. Mysal üçin, “Moana”-nyň kino görnüşi, tomaşaçylaryň şu ýylyň noýabr aýynda çykjak multfilmiň ikinji bölegine has köp üns bermegi üçin, 2026-njy ýylyň 10-njy iýulynda – meýilleşdirilen senesinden biraz giç ekranlarda peýda bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir