HotCars-yň seljerijileri JD Power-iň, CarEdge-iň, RepairPal-yň, NHTSA-nyň we IIHS-iň maglumatlaryna esaslanýan, BMW-niň iň ygtybarly modelleriniň sanawyny düzdüler. Sanawa mümkin bolan 100 baldan azyndan 80 bal ygtybarlylyk derejesini alan awtoulaglar girdi. Sanawa 17 model düşdi. Sanaw düzülende ygtybarlylykdan başga-da, tehniki hyzmat üçin çykdajylar (CarEdge-iň we RepairPal-iň maglumatlary), eýesiniň seslenmeleri (NHTSA) we howpsuzlyk maglumatlary (IIHS) göz öňünde tutuldy. Sanawyň öňdelikçileri: 1-nji ýer: 2013-nji ýylyň BMW 1-Series-i (ygtybarlylyk derejesi 89/100, ýyllyk tehniki hyzmat üçin çykdajylary - 801 dollar) 2-nji ýer: 2017-nji ýylyň BMW 2-Series-i (ygtybarlylyk derejesi 88/100, ýyllyk tehniki hyzmat üçin çykdajylary 922 dollar) 3-nji ýer: 2016-njy ýylyň BMW 5-Series-i (ygtybarlylyk derejesi 88/100, ýyllyk tehniki hyzmat üçin çykdajylary 892 $) 2017-nji ýylyň BMW X3-i we 2022-nji ýylyň BMW X1-i hem ilkinji bäşlige girdi. BMW awtoulaglary ygtybarlylygy bilen meşhurdyr. HotCars-yň seljerijileriniň belleýşi ýaly, ortaça BMW awtoulagy ýylda abatlaýyş ussahanasyna 0,9 gezek barýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir