Meta Llama 3 ady bilen dil modeliniň täze neslini hödürledi. Kompaniýa ony açyk başlangyç kodly modelleriň arasynda iň gowusy hasaplaýar. Onuň iki wersiýasy bar: 8 mlrd parametrli Llama 3 8B we 70 mlrd parametrli Llama 3 70B – neýroulgamyň türgenleşdirilen maglumatlarynyň sanyna baglylykda. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, täze modeller öňkülerinden ep-esli ýokary bolmak bilen, meşhur bilim, öwrenijilik we tekst seljermesiniň synaglarynda ajaýyp netijeleri görkezýär. Meta Llama 3-üň Mistral fransuz startapyndan adybir emeli aň we Google-dan Gemini ýaly beýleki emeli aňlardan öňe geçýändigini nygtaýar. Muny subut etmek üçin azyndan dokuz synag geçirildi. Şeýle-de, kompaniýa bikanun ulanylyşa garşy göreşmek üçin täze modellere birnäçe howpsuzlyk protokollaryny girizdi. Meta kompaniýasy Llama 3 modelleriniň has köp maglumatlary işläp we şekil ýaly dürli maglumatlar bilen işleşip bilmegi üçin olary köp dilli etmegi maksat edinýändigini belleýär.