Tesla özüniň futuristik Cybertruck elektrik pikapynyň çagalara niýetlenen görnüşini çykardy diýip, Mail.ru ýazýar. Bir ýa-da iki çaga münmäge niýetlenen Cybertruck-yň kiçi nusgasynyň asyl nusga meňzeş dizaýny bar, ýöne gabarasynyň kiçiligi sebäpli üçegi ýok. Elektrikli awtoulag iki tizlik režimi (sagatda 4 we 8 km) bilen enjamlaşdyrylandyr we bir zarýadda 19 km ýol geçip bilýär. Iň ýokary ýük göterijiligi 68 kg bolup, hatda ýetginjeklere-de münmäge mümkinçilik berýär. Çaga pikapy edil doly göwrümli nusgasy ýaly faralar we yzky tormoz çyralary bilen enjamlaşdyrylandyr. Çagalar üçin Cybertruck-ynyň 23-nji aprelde Hytaýda satuwa çykaryljakdygy habar berildi. Awtoulagyň bahasy entek aýan edilmedi. Teslanyň ozal Hytaýda satmak üçin Cybertruck stilindäki Cyberquad çagalar kwadratosiklini çykarandygyny bellemelidiris. Ol 8-12 ýaşly çagalara niýetlenendir, kuwwatlylygy 13 km we sagatda 8 km çenli tizlige ýetip biler. Cyberquad 2023-nji ýylyň tomsundan 11 990 ýuana (1 656 dollar) satylyp başlandy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir