Özbegistandaky jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynyň birinde myhmanlara iýip boljak “tabaklarda” palaw hödürlenip başlandy. Bu barada repost.uz habar berýär. Bu täze önüm palawyň lezzetli ysy siňdirilen, üýtgeşik tagamly çörek görnüşindedir. Iýip bolýan “tabaklar” baradaky maglumatlar sosial ulgamlara çalt ýaýrady we ulanyjylaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Köp adamlar eýýäm öýde şuňa meňzeş tagam taýýarlamaga we tejribe reseptlerini internetde paýlaşmaga synanyşýarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir