Amerikanyň himiýa jemgyýetiniň (ACS) alymlary samyrlaryň, belkalaryň, suroklaryň, alakalaryň we beýleki gemrijileriň dişleriniň näme üçin berk bolýandygynyň syryny açdylar. Görlüp oturylsa, bu haýwanlaryň dişleriniň syrçasynda ferrigidrite meňzeş demre baý madda bilen doldurylan nanometr jübüleri bar eken. Bu gurluş dişleri diýseň berk edip, gemrijilere gaty agajy dynuwsyz çeýnemäge mümkinçilik berýär. Gözlegçiler atom derejesinde gemrijileriň ýedi görnüşiniň dişleriniň syrçasynyň düzümini seljermek bilen, demre baý gatlagyň galyňlygynyň görnüşlere görä üýtgeýändigini anykladylar: syçanlaryňky iň ýukasy, nutriýalaryňky bolsa iň galyňy eken. Alymlar bu açyşyň adamyň dişleriniň syrçasyny güýçlendirmek, şeýle hem dişleri bejermegiň usullaryny gowulandyrmak üçin täze reňksiz serişdeleri ösdürmegiň esasy bolup biljekdigine ynanýarlar. Gemrijileriň dişleriniň mämişi-goňur reňkiniň demriň düzümi bilen baglanyşykly däldigini bellemek gerek. Ol hoşboý aminokislotalardan we organiki däl minerallardan ybarat ýuka üstki gatlak bilen baglydyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir