Geçen hepde, haçanda täze Toyota Camry 2025 dilerlere ýaňy gelip başlanda, ulagyň LE bazalaýyn gibrid düzümli görnüşiniň bahasynyň azyndan 29 495 dollar boljakdygy habar berlipdi. Ýagny öňki wersiýasyndan 2000 dollar gymmat. Emma meşhur modeliň täze nesli has arzan bolup çykdy. Täze awtoulaglar 28 400 dollardan satylyp başlandy, iň top wersiýasy üçin bolsa, 34,600 dollar soralýar. Toyota Camry-nyň bu neslinde adaty bolan 3,5 litrlik V6 motorlary oturdylmady. Indi ulaglarda Toyota-nyň bäşinji nesliniň (THS 5) gibrid ulgamy ulanylýar. Ol öz içine 2,5 litrlik dört silindrli içinden ýandyrylýan hereketlendirijini we iki sany elektromotory alýar. Öňi ýöredijili wersiýasynyň jemi kuwwaty 228 at güýjüne deň, hemme tekerleri hereketlendirijili wersiýasynyň kuwwaty bolsa 235 at güýjüne deň. Mundan başga-da, ol generator hökmünde çykyş edýän üçünji elektromotory hem aldy. Toyota Camry 2025 modeliniň häsiýetnamasy we aýratynlyklary barada maglumatlary şu salgydan okap bilersiňiz.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir