Şestli bökmegiň ussady, şwesiýaly türgeni Armand Dýuplantis 6,24 metr beýiklige böküp, ýene-de dünýä rekordyny täzeledi. Bu üstünlik Hytaýyň Sýamyn şäherinde Göwher liga tapgyrynda hasaba alyndy diýip, RBK habar berýär. 24 ýaşly türgen garşydaşlaryna hiç hili mümkinçilik galdyrmazdan, ynamly ýeňiş gazandy. Kümüş medala amerikaly Sem Kendriks (5,82 metr), bürünç medala bolsa hytaýly Huan Bokaýu (5,72 m) eýe boldy. Bu eýýäm Dýuplantisiň karýerasyndaky sekizinji dünýä rekordy. Öňki rekordy 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda Ýujinede (ABŞ) goýlup, beýiklik 6,23 metre deň bolupdy. Şwesiýaly türgen häzirki Olimpiýa çempiony (Tokio 2020), iki gezek dünýäniň we Ýewropanyň çempiony. Dýuplantis ýeňil atletikanyň taryhynda iň güýçli türgenleriň biri hasaplanýar. 2020-nji ýylyň fewral aýyndan bäri bu sportda rekord eýesi bolup gelýär.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir