18-19-njy aprelde TÜRKSOÝ-nyň howandarlygynda Türkmenistandaky Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine, şeýle hem Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenmegine bagyşlanan çäreleriň birinji tapgyry geçdi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär. Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasy we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde TÜRKSOÝ tarapyndan guralan 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmeginiň maksatnamasynyň açylyş dabarasy şahyryň Dikmen jülgesindäki «Türkmenistan» seýilgähinde ýerleşen ýadygärliginiň öňünde bolup geçdi. Bu çärä TÜRKSOÝ-nyň baş sekretary Sultan Raýew, Türkmenistanyň Ankaradaky ilçisi Mekan Işangulyýew, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rektory Amanmyrat Aýdogdyýew we beýleki myhmanlar gatnaşdy. Dabarada çykyş etmek bilen, Türkmen döwlet medeniýet institutyň rektory Amanmyrat Aýdogdyýew Magtymguly Pyragynyň türkmen medeniýeti we taryhy nukdaýnazaryndan ähmiýetini nygtady, şeýle hem döreden goşgularynyň ony diňe bir türkmen edebiýatynyň däl, eýsem, tutuş dünýä edebiýatynyň öňdebaryjy şahyrlary bilen bir hatarda goýýandygyny belläp geçdi. Dabara Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Miras» tans toparynyň ýerine ýetirmeginde şowhunly tans bilen tamamlandy. 19-njy aprele meýilleşdirilen çäreleriň çäginde TÜRKSOÝ-nyň Baş Sekretariatynyň sergi zalynda «Magtymguly Pyragy we Änew» mowzugy boýunça surat sergisiniň açylyşy boldy. TÜRKSOÝ-nyň metbugat otagynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» kitabynyň tanyşdyrylyşy boldy. Çäreleriň birinji tapgyrynyň maksatnamasy «Magtymguly Pyragy – türki dünýäsiniň beýik akyldar şahyry» mowzugyndaky konsert bilen tamamlandy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir