Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyna gatnaşyjylaryň biri bolan Pakistan 2024-nji ýylyň ikinji çärýeginiň ahyryna çenli taslamanyň gutarnykly makullamanmagyna garaşýar. Munuň özi ýurtda gaza bolan islegi kanagatlandyrmakda möhüm orun eýelejek gazgeçirijiniň gurluşygyna girişmäge mümkinçilik berer. Şeýle beýan bilen Pakistanyň Energetika ministrliginiň nebit bölüminiň howandarlygynda iş alyp barýan we gaz pudagynda strategiki infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen meşgullanýan «Inter State Gas Systems» kompaniýasy çykyş etdi. Muny Nebit-Gaz elektron gazeti habar berýär. S&P Global-yň hasabatyna laýyklykda, Pakistanda gaz ýetmezçiligine gözegçilik edilýär, çünki islegiň möçberi önümçiligiň möçberinden artyk gelýär. Her ýylda Türkmenistandan 33 mlrd kub metr gazy Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Hindistana iberjek TOPH gaz geçirijisi 2030-njy ýyla çenli Pakistanyň energetika zerurlyklarynyň 50%-ini üpjün edip biler. Garaşylyşy ýaly, TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegi uglerod zyňyndylaryny azaldar we Pariž ylalaşygynyň maksatlaryna ýetmekde ädim bolar. «TAPI Pipeline Company Limited» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Muhammetmyrat Amanow 24-nji aprelde Parižde Türkmen energetika maýa goýum forumynda energetika geçiş şertlerinde tebigy gazyň çykarylyşynyň geljegine bagyşlap çykyş etmegi meýilleşdirýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir