Sony we Paramount kinostudiýalary birleşmek barada gepleşik geçirýärler. Bu barada The New York Times habar berýär. Apollo Global Management maýa goýum kompaniýasy bilen birleşen Sony geleşigi baglaşan ýagdaýynda Paramount-yň täze eýesi bolar. Apollon Global Management ozal 26 milliard dollara Paramount-y satyn almaga synanyşypdy, emma geleşik başa barmandy. Paramount-yň “Amal edip bolmajak missiýa” («Миссия невыполнима») franşizasy bilen meşhurlyk gazanan Skydance kompaniýasy bilen birleşmek barada hem gepleşik geçirýändigini bellemelidiris. Warner Bros-yň eýeleri hem Paramount-y satyn almak barada pikir edipdiler, ýöne soň bu pikirlerinden ýüz öwürdiler. Sony bilen Paramount birleşen ýagdaýynda “Ümsüm ýer 3” («Тихое место 3»), “Gladiator 2” («Гладиатор 2»), “Sonik 3 kinoda” («Соник 3 в кино»), “Karateçi oglan 4” («Каратэ-пацан 4»), “Wenom 3” («Веном 3») we “Ýaramaz oglanlar 4” («Плохие парни 4») ýaly garaşylýan täze filmleri öz içine alýan filmleriň giň katalogy olaryň gözegçiliginde bolar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir