Huawei kompaniýasy ykjam aragatnaşyk arkaly ýokary tizlikli internete girmegi üpjün edýän täze jübi Portable Wi-Fi 5 routerini hödürledi diýip, Mail.ru ýazýar. Router 4G ulgamy bilen işleýär, 195 Mbit/s-e we 105 Mbit/s-e çenli ýükläp almak tizligini hödürleýär, bu öňki modelden 30% ýokarydyr. Portable Wi-Fi 5-iň dizaýny ykjam (galyňlygy bary-ýogy 13,7 mm) we agramy ýeňil (96 gr). Kuwwatly 2400 mAh batareýa 8-9 sagada çenli işlemegini üpjün edýär we bir wagtyň özünde 16 enjama birikmek mümkinçiligi dostlaryňyz, kärdeşleriňiz ýa-da maşgalaňyz bilen interneti paýlaşmaga mümkinçilik berýär. Router traffige gözegçilik etmäge, çäkleri kesgitlemäge we myhman toruny döretmäge mümkinçilik berýän Huawei Smart Life programmasy arkaly dolandyrylýar. Täze önüm gara, ak we gök reňklerde bolýar we baasy 229 ýuandan (takmynan, 32 dollar) başlaýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir