Samsung ekranyndan ýaşyl çyzyk geçýän Galaxy S21 we S22 smartfonlaryny mugt abatlajakdygyny mälim etdi diýip, SamMobile habar berýär. Öň, Galaxy S20 we Note 20 enjamlarynda duşýan bu kemçilik indi täze modellere hem ýaýrady. Abatlaýyş maksatnamasy Hindistanda elýeterlidir we beýleki sebitlere-de ýaýramagy ähtimal. Galaxy S21-iň we S22-niň şeýle mesele bilen ýüzbe-ýüz bolan eýeleri ekrany mugt çalyşmak üçin Samsung-yň ygtyýarly hyzmat merkezine ýüz tutmalydyrlar. Bu programmanyň kepillik çäklendirmeleriniň ýokdugyny bellemelidiris. Şeýlelik bilen, kepillik möhleti eýýäm gutaran enjamlar hem mugt bejerilip bilner.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir