Amerikanyň Sentry Enterprises kompaniýasy töleg geçirilende ýalpyldaýan OLED ekranly dünýäde ilkinji kredit kartoçkalaryny hödürledi diýip, Mail.ru habar berýär. Radiance diýlip atlandyrylýan täze kartoçkanyň kontaktsyz tölegler geçirilende işjeňleşýän OLED ekrany bar. OLED ekranynyň zarýady NFC moduly bilen işleýär, şol sebäpli şekili gysga wagtlyk yşyklandyrmaga ýeterlikdir. Kart terminala näçe golaý bolsa, şonça-da ýagty we uzak ýalpyldaýar. Radiance Visa ýa-da Mastercard ulgamlaryny goldaýar, ýöne ony haýsy banklaryň ilki bilen aljakdygy entek belli däl.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir