Amerikaly meşhur režissýor Martin Skorseze täze terjimehal taslamanyň - aýdym-sazyň ikonasy Frenk Sinatranyň durmuşy baradaky filmiň üstünde işleýär diýip, Variety habar berýär. Leonardo DiKaprio Sinatrany, onuň ikinji aýaly Awa Gardneri bolsa Jennifer Lourens oýnap biler. Aktýorlar “Ýokary seretmäň” filminde eýýäm bilelikde işlediler. Bu Skorsezäniň Sinatra hakda film döretmekde ilkinji synanyşygy däl. 2009-njy ýylda aýdymçynyň mirasdüşerleriniň rugsady ýoklugy sebäpli taslama togtadylypdy. Şonda Sinatranyň keşbini oýnatmak üçin Jonni Depp bilen Jorj Kluni hem göz öňünde tutulypdy. Täze wersiýa entek aýdymçynyň gyzy Tina Sinatra tarapyndan tassyklanmady. Skorseze şol bir wagtyň özünde başga bir uly göwrümli taslamanyň - Isa Mesih hakdaky filmiň üstünde işleýär. Bu keşp üçin ol Endrýu Garfildi (“Dymmak”, “Ynsaba görä”) ýa-da Maýlz Telleri (“Duçar bolmak”, “Top Gan: Mewerik”) göz öňünde tutýar. Skorseziň soňky - DiKaprionyň baş keşbi janlandyran “Gül aýynyň ganhorlary” filmi 2023-nji ýylyň güýzünde prokata çykyp, “Oskar”-yň 10 baýragyna dalaşgär görkezilendigini ýatladýarys.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir