Apple iPhone 16 Pro-yň esasy wersiýasyndaky ýadyň kuwwatyny 128 Gb-dan 256 Gb-a çenli ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär. Bu 128 GB-lik çäkli ýatdan, esasanam täze aýratynlyklaryň köp ýady talap edýändigini göz öňünde tutup zeýrenýän ulanyjylar üçin oňat üýtgeşme bolar diýip, Wccftech-e salgylanýan Ferra ýazýar. LeaksApplePro insaýderiniň berýän habaryna görä, iPhone 16 Pro-nyň we iPhone 16 Pro Max-yň diňe bir ýady artdyrylman, eýsem, olar has uly ekranlar (degişlilikde 6,27 we 6,86 dýuým) we beýleki enjam täzelenmeleri ýaly, birnäçe gowulaşmany hem alar. Bu gowulaşmalara garamazdan, iPhone 16 Pro-yň bahasynyň öňküligine galmagyna garaşylýar. iPhone 16 we iPhone 16 Pro şu ýylyň ahyrynda satuwa çykarylar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir