Newşatel uniwersitetinden şweýsariýaly alymlar pestisidlere täze alternatiwany - genetiki taýdan üýtgedilen nematodlary öz içine alýan gel döretdiler. Adatça toprakda duşýan bu mikroskopik gurçuklar zyýankeş mör-möjekleri netijeli ýok edip biler diýip, New Atlas habar berýär. Nematodlar toprakdan çykarylanda Günüň täsirine ölýärler, şonuň üçinem olary ösümlik ýapraklary, ýagny zyýankeşleriň köpüsiniň iýýän bölegi üçin ulanmaly däldir. Şonuň üçinem alymlar gurçuklary zäherli däl, biodegrirlenip bilinýän karboksimetilsellýuloza geline salmak kararyna geldiler. Gözlegiň dowamynda Ruandadaky mekgejöwende gel synagdan geçirildi. Netijeler, onuň gel bilen bejerilmedik gözegçilik meýdanlary bilen deňeşdirilende, gurçuklaryň sanyny azaltmakda 50% has täsirli bolandygyny görkezdi. Şol bir wagtyň özünde gel bilen bejerilen meýdanlaryň her gektaryndan bir tonna köp hasyl alyndy. Gelde zyýanly himiki maddalar ýok hem-de daşky gurşawa we adamlara zyýansyz we mör-möjekler oňa öwrendekli bolmaýar. Ýene bir artykmaçlygy – ol tygşytly. Alymlar gidrogeliň täjirçilik görnüşiniň adaty pestisidlerden arzan boljakdygyny aýdýarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir