Sony boýna dakylýan, adaty bolmadyk Bravia Theatre U göçme kolonkasyny hödürledi. Gizmoçina-nyň ýazmagyna görä, enjam adyna kybap U şekiline eýedir. äze önüm batareýanyň güýji bilen 12 sagada çenli işläp biler we ony Bluetooth arkaly bir wagtyň özünde iki enjama birikdirip bolýar. Kolonka Dolby Atmos goldawy we immersiw 360° giňişlik sesini üpjün edýän Sony 360 Spatial Sound Personalizer tehnologiýasy bilen üpjün edildi. Şol bir wagtyň özünde ol ýeňil (bary-ýogy 268 gr) we göterip gezmek üçin amatly. “Uklp ýatan ýoldaşlaryňyzy ýa-da çagalaryňyzy biynjalyk etmezden, gaty sesli filmlere tomaşa ediň” diýip, öndüriji enjamyny suratlandyrýar. Sony-niň resmi web sahypasynda Bravia U-nyň bahasy 300 dollar. Şeýle hem, Sony meşhur Bravia Theatre Bar 9-y (13 dinamikli, 1399 dollar), Bravia Theatre Bar 8 modeli (11 dinamikli, bahasy yglan edilmedik) we Bravia Theatre Quad öý kinoteatr ulgamy (16 dinamikli, 1799 dollardan başlaýar) ýaly audiotehnika degişli birnäçe täzeliklerini yglan etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir