Toyota kompaniýasy ABŞ-da 55 müň sany 2023-nji we 2024-nji ýyllarda çykan Prius we Prius Prime awtomobillerini yzyna gaýtarýandygyny habar berdi. Munuň sebäbi hereket wagtynda olaryň gapylarynyň açylyp bilmegi bilen baglanyşyklydyr. Awtoöndürijiniň habar berşi ýaly, bu gapylaryň içine suw girmegi sebäpli gysga elektrik utgaşmasynyň netijesinde bolup geçýär diýip, ixbt.com belleýär. Dilerler yzky gapylary açmagyň çep we sag pereklýuçatellerini kämilleşdirilen konstruksiýaly täzelerine çalyşmak arkaly bu meseläni çözerler. Ýöne täze mehanizm gurnalýança, Toyota hereket geçiriji gutynyň ryçagy P (Parking) ýagdaýa geçirilende, ähli gapylary awtomatiki gulplama funksiýasyny ulanmagy maslahat berýär. ABŞ-da yzyna gaýtarylýan 55 müň Prius we Prius Prime-yň üstüne tutuş dünýä boýunça (şol sanda Aziýada we Ýaponiýada) ýene 211 müň Prius goşular – olarda hem şol näsazlyk ýüze çykaryldy.