Apple kompaniýasy Hytaýda häkimiýetleriň tabşyrygy boýunça App Store programmalar dükanyndan Meta korporasiýasyna degişli bolan WhatsApp messenjerini we Threads hyzmatyny aýyrdy. Bu barada Reuters agentligine salgylanyp, RBK habar berýär. Korporasiýanyň Facebook, Instagram we Messenger ýaly beýleki önümleri heniz ýükläp almak üçin elýeterli bolmagynda galýar. “Hytaýyň kiber-giňişligini düzgünleşdirijisi milli howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen hytaý dükanyndan bu programmalary aýyrmagy tabşyrdy” diýlip, Apple-iň beýanynda aýdylýar. Şeýle-de, korporasiýanyň “nirede işleýän bolsa, şol ýurduň kanunlaryna, eger ylalaşmasa-da, boýun egmäge borçludygy” bellenilýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir