Meşhur Tech Spurt You-Tube kanalynyň bilermenleri iň ýokary hilli suratlary düşürýän 12 smartfony saýladylar. Bellenilişi ýaly, iň gowy kameraly smartfon saýlananda diňe bir megapiksel sanyna däl, eýsem optiki durnuklaşdyrma, sensoryň ölçegi, wideo mümkinçilikleri, goşmaça obýektiwleriň we funksiýalaryň bolmagy ýaly beýleki aýratynlyklara-da üns bermek gerek. 2024-nji ýylyň iň gowy kamerofonlarynyň sanawyna şular girdi: - Pixel 8 Pro: 50 Mp esasy kamera, 12 Mp-den 50 Mp-ä üýtgetmek mümkinçiligi, RAW-format, giňeldilen redaktirleme funksiýalary. Pixel 7a: 64 Mp esasy kamera, 13 Mp ultra-giň burçly obýektiw, 4K wideo. iPhone 15 Pro Max: optiki durnuklaşdyrma bilen 48 Mp esasy kamera, 12 Mp bilen 24 Mp-niň aralygynda saýlama mümkinçiligi, Pro RAW, 4K 30/60 k/s wideo. Samsung Galaxy S24 Ultra: 200 Mp esasy kamera, Pro režimi, 8K 30 k/s wideo, professional wideo režimi. ​​​​​​​Samsung Galaxy S23 Ultra: 200 Mp kamera. ​​​​​​​Vivo X100 Pro: islendik ýagtylykda aýdyň surat, portret režimi, 4K 30/60 k/s selfi-wideo. ​​​​​​​OnePlus 12: 50 Mp esasy kamera, 48 Mp ultra-giň burçly obýektiw, 48 Mp periskop, 8K 24 k/s wideo. ​​​​​​​ Huawei P60 Pro: optiki durnuklaşdyrma we üýtgeýän diafragma bilen 48 Mp esasy kamera, 48 Mp teleobýektiw, 4K 60 k/s wideo (Google hyzmatlary ýok). ​​​​​​​Xiaomi 14: Leica sensory bilen 50 Mp esasy kamera, gijeki surata düşüriş, 8K 24 k/s wideo. ​​​​​​​Xiaomi 14 Ultra: 50 Mp esasy kamera Sony, hakyky we ýagty režimleriň arasynda saýlama, 8K 30 k/s wideo. ​​​​​​​Sony Xperia 1 V: 52 Mp esasy kamera, professional funksiýalar, çylşyrymly interfeýs, 8K wideo ýok. ​​​​​​​Honor Magic 6 Pro: optiki durnuklaşdyrma bilen 50 Mp esasy kamera, diafragma derejesini saýlama, 180 Mp periskop. ​​​​​​​

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir