Netflix onlaýn platformasy öz YouTube kanalynda kolumbiýaly ýazyjy, edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi Gabriel Garsiýa Markesiň nusgawy romany esasynda döredilen “Ýüz ýyllyk ýalňyzlyk” serialynyň ilkinji tizerini neşir etdi. Şol bir wagtyň özünde, wideoda goýberiljek takyk senesi görkezilmändir, serialyň “ýakyn wagtda” çykjakdygy bellendi; Birinji möwsüm 16 bölümden ybarat bolar. Serialda baş keşplerde Klaudio Katanýa, Žeronimo Baron, Marko Gonsales, Leonardo Soto we başgalar çykyş edýärler. Taslamanyň awtorlary serialyň üstünde işlemeklige meşhur ýazyjynyň ogullary Rodrigo bilen Gonzalony hem çekdiler. “Ýüz ýyllyk ýalňyzlyk” Latyn Amerikasyndaky toslama Makondo şäherini esaslandyran Buendialar maşgalasynyň ýedi nesliniň epiki dessanydyr. Romanda hakykat jadyly we mistiki hadysalar bilen utgaşyp gidýär. Kitapda ýalňyzlyk, söýgi, hyjuw, hökmürowanlyk, uruş we ölüm temalary, şeýle hem geçmişiň şu güne we geljege edýän täsiri yzarlanylýar. Bu roman Markes tarapyndan 1965-nji we 1966-njy ýyllar aralygynda 18 aýyň dowamynda ýazylypdyr. Bu jadyly realizm ugry boýunça iň meşhur eserleriň biridir. Romanyň ilkinji neşiri Buenos-Aýresde 1967-nji ýylyň iýun aýynda 8000 nusgada neşir edildi. Roman 35 dile terjime edildi we XX asyryň iň ähmiýetli edebi eserleriniň birine öwrüldi. Häzirki wagta çenli onuň 30 milliondan gowrak nusgasy satyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir