Gysga wideolardan soň, TikTok suratlaryň we tekstleriň formatyny özleşdirýär. Meşhur wideo hyzmatyň eýesi ByteDance TikTok Notes atly täze sosial ulgamy çykardy diýip, Mail.ru habar berýär. Mugt programma häzirki wagtda App Store-da we Google Play-de diňe Kanadada we Awstraliýada elýeterlidir. TikTok Notes Instagram-yň bäsdeşi hökmünde çykyş edýär, programma ulanyjylara özara suratlary, surat galereýalaryny we ýazgylary paýlaşmaga mümkinçilik berýär. Täzeden paýlaşmak, halanýanlarda ýatda saklamak we teswir bermek aýratynlyklary hem bar. Şeýle-de bolsa, Instagram-dan tapawutlylykda TikTok Notes size şahsy habarlaryňyzy ibermäge mümkinçilik bermeýär. Programmanyň interfeýsi gysby we ýönekeý: işe başlanda ulanyjy iki bellik - “Siziň üçin” we “Abunalar” bilen garşylanýar. Birinji bölümde maslahat berilýän akkauntlaryň suratlary, ikinji bölümde diňe ýazylanlaryňyz bar. “Siziň üçin” bölümindäki lenta Pinteresti ýada salýan iki sütünli gözenege meňzeýär. TikTok Notes - häzir beta synagynda we dünýä derejesinde çykaryljak wagty entek yglan edilmedi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir