Haýwanat dünýäsiniň fotoçysy Daniel Biber täsin bir hadysany surata düşürdi: ýyrtyjydan goranýan garasar sürüsi asmanda äpet guşuň suduryny emele getirdi. Bu ajaýyp foto Biberiň Ispaniýanyň demirgazyk-gündogaryndaky Kosta-Brawa sapary wagtynda düşürildi. Suratçy, özi hem bilmezden, müňlerçe garasaryň sazlaşykly hereket edip, asmanda äpet ýyrtyjy guşuň şekilini emele getiren pursadyny surata aldy. Biber birbada näme bolandygyna özüniň hem düşünmändigini boýun aldy. Diňe öýüne dolanyp gelensoň suratlara seredende, gören zatlaryna haýran galypdyr. Suratçynyň sözlerine görä, guşlaryň bu şekil ýasamasy 10 sekuntdanam az wagt alypdyr. Fotosuratçy bu täsin pursady surata düşürmek üçin tüýs wagtynda gerek ýerinde bolandygy üçin özüni bagtly hasaplaýar. Utgaşykly hereketlere meýillilik garasarlaryň häsiýetli aýratynlygydygyny bellemelidiris. Bu guşlar asmanda çylşyrymly şekilleri emele getirmäge ukyplydyklary bilen tanalýar, olaryň sany birnäçe müň guşa ýetip biler. Alymlaryň pikiriçe, bu häsiýet diňe bir ýyrtyjylardan goranmaga kömek etmek bilen çäklenmän, eýsem sosial gatnaşyklary ýola goýmaga hem-de iýmit tapmak we beýleki maksatlar üçin hereketlerini sinhronlaşdyrmaga kömek edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir