Türkmenistanyň “Galkan” klubunyň hokkeýçileri şu günler Aşgabatda geçirilýän halkara hokkeý ýaryşynda “A” toparçada möhletinden ir ýeňiş gazanyp, ýaryşyň finalyna çykdylar. Toparlaýyn tapgyryň jemleýji oýnunda Andreý Makarow bilen Meýlis Kulyýewiň topary Özbegistandan “Feniks” toparyny 9:1 hasabynda utdy. “Galkan” duşuşygyň ilkinji minutlaryndan garşydaş toparyň derwezesine garşy aýgytly hüjüme geçdi. 7-nji minutda Perhat Atekaýew hasaby açdy, soň ol ýene dört şaýbany geçirip, penta-trigiň awtory boldy. “Galkan” yzygider dördünji ýeňşini gazanyp, 12 utuk gazandy we topardaky garşydaşlar üçin yzyndan ýetmezek boldy. “Galkanyň” finaldaky garşydaşy 19-njy aprelde belli bolar. “A” toparçanyň beýleki bir oýnunda “Ice Box” eýran topary 6:0 hasabynda “Oman Nationals-dan” üstün çykdy. Şu ýeňişden soň eýranly hokkeýçiler utuk boýunça “Feniks” (hersi 6) bilen deňleşip, ikinji orna we bürünç medal üçin oýna dalaşgär boldular. “B” toparçada Tatarstandan “ADIHIC-Kazan” “Volat” belarus toparyny 6:3 hasabynda utup, toparçada birinji orny eýeledi. Gyrgyzystandan “Dordoi” bolsa Türkiýäniň “Team-Turkiye” toparyny 4:2 hasabynda utup, ýaryşda ilkinji ýeňşini gazandy. 19-njy aprelde geçiriljek duşuşyklaryň netijesinde finalda we 3-nji ýer ugrundaky oýunda duşuşjak toparlar kesgitlener.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir