17-nji aprelde BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisler otagynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen durnukly ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça Ýokary derejeli mejlis geçirildi diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär. Durnukly ösüş hepdeliginiň çäklerinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň başlygy D.Frensis tarapyndan çagyrylan mejlise ýöriteleşdirilen halkara guramalaryň ýolbaşçylary, ulag pudagynyň milli ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylary, BMG-niň agza döwletleriniň diplomatik missiýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Gatnaşyjylar, ählumumy ulag gün tertibiniň meselelerini öňe sürmekde Türkmenistanyň işjeň ornuny belläp, durnukly ulagy ösdürmek çygrynda dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde duran wezipelere ünsi çekdiler. 2026 – 2035-nji ýyllar döwri üçin «Durnukly ulagyň onýyllygyny» durmuşa geçirmek boýunça işlenip-düzülýän hereketleriň meýilnamasynyň esasy maksadyna öwrülmeli, hemmeler üçin elýeterli, arzan we durnukly ulagy üpjün etmekde bilelikdäki utgaşdyrylan çäreleri amala aşyrmagyň ähmiýeti bellenildi. Mejlisiň barşynda BMG-niň agza döwletleriniň milli wekiliýetleri ulag ulgamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aşakda görkezilen ugurlaryny hem ara alyp maslahatlaşdylar: − ulag infrastrukturasyny, aragatnaşyk tehnologiýalaryny ösdürmäge, bilermenleriň mümkinçiliklerini artdyrmaga we ulag pudagynda hyzmatdaşlygyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny kämilleşdirmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň mukdaryny artdyrmak; − multimodal ulag ulgamlaryny, ulag-üstaşyr geçelgelerini, halkara logistika merkezlerini ösdürmek we kämilleşdirmek; − howanyň üýtgemeginiň netijelerini azaltmak we oňa uýgunlaşmak çärelerine durnukly ulag syýasatyny birleşdirmek, ekologiýa taýdan arassa ulag serişdelerini ilerletmek; − jemgyýetçilik ulag serişdeleriniň häzirki zaman görnüşlerine elýeterliligi giňeltmek; − ulag ösüşiniň durmuş taraplaryny göz öňünde tutmak bilen milli derejede elýeterli, arzan we ekologiýa taýdan arassa ulag hyzmatlaryny üpjün etmek zerurlygy. Mejlisiň netijeleri boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygynyň edarasy tarapyndan jemlenen hasabat we teklipler taýýarlanylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir