Osaka uniwersitetiniň alymlary plazma şöhlelenmesi arkaly süňk döwükleriniň çalt bejerilmegine mümkinçilik berýän usul döretdiler. Hünärmenler tehnologiýany aýaklary döwülen laboratoriýa alakalarynda synagdan geçirdiler. Döwük iki görnüşde ýagny, adaty we süňküň süýşýän has agyr görnüşindedi. Käbir haýwanlaryň süňküniň döwlen ýeri bir atmosfera basyşy astynda sowuk plazma sezewar edildi. Synag wagtynda 5-15 sekundyň dowamynda plazma şöhlelenmesiniň preosteoblastlaryň osteoblastlara öwrülmegine jogap berýän belogyň işjeňligini ýokarlandyrýandygy ýüze çykaryldy – bular öýjükli maddalaryň sintezine gatnaşýan ýaş süňk dokuma öýjükleridir. Alymlar döreden usulynyň döwük-ýenjigi bolan näsaglary çalt bejermäge we adamlary adaty durmuşa dolandyrmaga mümkinçilik berjekdigine ynanýarlar diýlip, PLOS One ylmy žurnalynda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir