Režissýor Kwentin Tarantino karýerasynda onunjy, ähtimal, iň soňky bolup biljek “Kino tankytçysy” («Кинокритик») filmini surata düşürmezlik kararyna geldi. Bu barada “Deadline”, “The Hollywood Reporter” we “Variety” ýaly abraýly neşirler habar berýärler. Kino synçysy barada gürrüň berýän filmiň wakasy 1977-nji ýylda Kaliforniýada ýaýbaňlanýar. Tarantino eýýäm ssenariýany ýazdy we baş keşbe Bred Pitti çagyrdy – ol öň režissýoryň “Günlerde bir gün Golliwudda” («Однажды… в Голливуде») filminde surata düşdi we munuň üçin aktýorlyk karýerasynda häzirlikçe ýeke-täk “Oskara” mynasyp boldy. “Kino tankytçysynyň” surata düşürilişi şu ýylyň awgust aýynda başlamalydy. Filmiň ýatyrylmagynyň sebäbi habar berilmeýär. “Deadline” neşiriniň çeşmeleri Tarantinonyň pikirini üýtgedendigini, “Variety” neşiriniň çeşmeleri bolsa režissýoryň ssenariýalary täzeden ýazmak ýa-da taslamany haýsydyr bir görnüşde dowam etdirmek islemändigini habar berýärler. Munuň deregine ol täze zat bilen meşgullanmagy meýilleşdirýär. Öň, Tarantino karýerasynda 10 sany doly metražly film surata düşürmekçidigini we 60 ýaşlarynda pensiýa çykmakçydygyny aýtdy (2023-nji ýylda 60 ýaşyny doldurdy). Eger “Billi öldürmegiň” («Убить Билла») iki bölümini bir film hasap etseň, “Kino tankytçysy” filmi onuň karýerasynda onunjy kinosy bolup bilerdi. Belläp geçsek, bu Tarantinonyň filmi ilkinji gezek ýatyryşy däl. 2014-nji ýylda ol “Ýigrenji sekizligiň” («Омерзительная восьмёрка») ssenariýasy internet toruna düşenden soň, filmiň çykyşyny soňa goýdy. 2019-njy ýylda Tarantino Paramount üçin “Ýyldyz ýoly” («Звездный путь») filmini surata düşürmekden hem ýüz öwürdi. Režissýor ony “has uly göwrümli” hasaplady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir