Şu gün Mary welaýatynyň dolandyryş merkezinde düýpli durky täzelenen Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi açyldy. Dabara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ugurdaş düzümleriň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular we kümüş saçly eneler, saglygy goraýyş işgärler, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de köp sanly myhmanlar gatnaşdylar. Dabara şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna bejergi alan we saglyklaryny dikelden Türkmenistanyň ýaşajyk raýatlary gatnaşdy. Şu gün açylyp ulanmaga berlen Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine bolsa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» kompaniýasynyň iki sany «Dialog+» kysymly emeli böwrek enjamy sowgat berildi. Bu enjam dowamly böwrek ýetmezçiligi keselinden ejir çekýän näsaglaryň ganyny arassalamak arkaly olaryň ýaşaýşyny gowulandyrmaga hem-de ömrüniň dowamlylygyny uzaltmaga ýardam berýär. Durky düýpli täzelenen merkez iki sany aýratyn binadan ybarat bolup, olar eneler we çagalar üçin niýetlenendir. Zenanlara lukmançylyk kömegini bermek üçin niýetlenen bina 200 näsag orundan ybarat bolup, çaga dogrulýan bölümi, göwrelileriň patologiýasy bölümini, ginekologiýa bölümini öz içine alýar. Çagalar binasy 260 näsag üçin orundan ybaratdyr. Giň binada bäbekleriň patologiýasy bölümi, kiçi ýaşly çagalar bölümi, nefrologiýa bölümi, newrologiýa bölümi, mekdep ýaşly çagalar bölümi, rewmokardiologiýa bölümi ýerleşýär. Täze açylan merkeze ýörite awtoulag serişdeleri sowgat berildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir